SPORT WE SYÝAHAT

Tigir sportunyň şosse görnüşi boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligi geçirildi

Türkmenabatda tigir sportunyň şosse görnüşi boýunça şäheriň birinjiligi geçirildi. Oňa 34 türgen gatnaşdy.Ýaryşlar aýratynlykda we jübütleýin sürmek boýunça geçirildi.

15 kilometr aralygy aýratynlykda geçmekde Döwlet Orunow birinji orna mynasyp boldy. Ol bu aralygy 23 minut 32 sekundda geçdi. Ikinji orny eýelän Denis Konoreýkine bu ýoly geçmek üçin 24 minut 3 sekund gerek boldy. Pellehana üçünji bolup gelen Haýdar Bahramow bolsa şonça aralygy yzda galdyrmak üçin 24 minut 30 sekund sarp etdi.

Jübütleýin sürmäge gatnaşanlar 25 kilometr aralyga ugradylar. Bäşim Abbasow we Denis Konoreýkin ony göni 47 minutda geçmegi başardylar. Pellehana ikinji bolup gelen Döwlet Orunow we Şatlyk Şöhratow bolsa liderlerden 1 minut 43 sekund yza galdylar. Sultan Rustamow bilen Haýdar Bahramow bolsa 49 minut 48 sekund netije bilen üçünji orna mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: