MEDENIÝET

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti boldy

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi.

Dabarada kompozitor Suhan Tüýliýewiň «Türkmen binasy» kantatasy, kompozitor Daňatar Öwezowyň «Şasenem — Garyp» operasyndan «Palaw» aýdymy, Žorž Bizeniň «Karmen» operasyndan «Antrakt»,  Žark Moraliniň «Amerikan aýdymy» ýerine ýetirildi. Bagşylar mukamçy kompozitor Nurýagdy Baýramowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Türkmeniň» aýdymyny ýerine ýetridiler. Halk tansy bölüminiň, dutarçylar ansamblynyň çykyşlary hem guraldy.

Kanunçylar topary «Saz çemenleri», kompozitor Baýram Hudaýnazarowyň «Tokkatasyny», akapella hory kompozitor Weli Ahmedowyň «Gözüm düşdi» aýdymyny aýtdylar. Şonuň ýaly-da,  gyjakçylar, gargy tüýdükçiler, gitaraçylar, depçiler toparlarynyň, halk saz gurallary orkestriniň çykyşlary hem hem boldy. «Balsaýat» halk sazy, Georgiý Swiridowyň «Gyş ýollary»  çärä özboluşly öwüşgin berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: