Lebapda ýazky ekişe taýýarlyk görülýär
Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Bu barada welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew Türkmeistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň çäklerinde meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinleriň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gyş paslynyň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi gündelik gözegçilikde saklanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.