SYÝASAT

Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Maslahatlaşylmagyň çäklerinde 6 etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi.

Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmagyň kararyna gelindi.

Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany Lebap welaýatynyň çäginde galdyrmak kararyna gelindi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: