SYÝASAT

Türkmen-täjik gepleşikleriniň netijesinde 23 resminama gol çekildi

Düýn Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady aragatnaşygy amala aşyrmak hakynda Ylalaşyk; halkara kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugd oblastynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy); ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy»; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistanyň Milli bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky «Howar» milli habarlar agentliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: