Astrahan oblastynyň gubernatory «Astrahan — Türkmenbaşy»  howa gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin şenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygynyň barşynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyna syýahatlaryň gurnalmagyny hem-de «Astrahan — Türkmenbaşy» howa gatnawyny ýola goýulmagyny teklip etdi.

Igor Babuşkin Aşgabada Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde geldi.

Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwdanyň ýokarlandyrylmagy hem-de ulag-logistika ugrunda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi hem-de Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda hemişelik gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagy boýunça meselelere seretdiler. Bu barada «Ast-news.ru» internet sahypasynda habar berildi, diýip, «business.com.tm» ýazýar.

Bellenilişi ýaly, astrahanly balyk senagatçylarynyň işbil, gaplanan balyk önümleri, kakadylan we doňdurylan balyk ýaly önümlerini türkmen bazaryna çykarmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, Hazar deňzinde biodürlüligi we haryt önümçiligini saklamak maksady bilen bekre we losos balyklarynyň görnüşleriniň köpeldilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Astrahan oblastynyň gubernatorynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýew bilen duşuşygyň barşynda gämigurluşyk, hususan-da astrahanly kärhanalar tarapyndan türkmen hyzmatdaşlary üçin iri sargytlaryň ýerine ýetirilmegini maslahatlaşdylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector