Türkmenabat şäherinde erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti we ýurduň sport göreşi federasiýasy bilelikde guradylar. Aşgabat şäherinden, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan 91 türgen iň güýçli diýen ady almak ugrunda göreşdi. Medallar on agram derejesinde oýnaldy. Ýaryşlara Lebap welaýatynyň sport mekdeplerinden hemmelerden köp türgen gatnaşdy. Ýagny, ýer eýelerinden orta 57 türgen çykdy. Balkan welaýatyndan 18, Aşgabat şäherinden 10, Daşoguz welaýatyndan 6 türgen çykyş etdi.

Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň türgenleri 6 altyn, 8 kümüş we 12 bürünç medal gazandylar we birinji orny eýelediler. Aşgabat şäheriniň ýygyndysy 4 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medala we ikinji orna mynasyp boldular.  Üçünji orny Daşoguz welaýatynyň topary eýeledi. Demirgazyk sebitiň türgenleri bur kümüş we iki sany bürünç medal gazandylar.

Altyn medallaryň ählisini Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň türgenleri öz aralarynda paýlaşdylar. Lebap welaýatyndan hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Enejan Nurmyradowa (50 kg), Selbi Zahirowa (53 kg), Laçyn Annamyradowa (55 kg), Gülnara Begenjewa (59 kg), Maýsa Seýilhanowa (62 kg) we Jahan Muhammedowa dagylar çykdylar. Aşgabat şäherinden gelen türgenler Madina Aripowa (57 kg), Maýsa Ýusupjanowa (65 kg), Oguljan Egemberdiýewa (68 kg) we Jemal Owlýakulyýewa (72 kg) dagylara hem taý gelen tapylmady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector