JEMGYÝET

«Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy Işangulyýew Şirgeldi Işangulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä «Diýar» žurnalynyň baş redaktory bolup işlän Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu wezipeden boşatmak we oňa bellemek hakynda degişli kararlara gol çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: