JEMGYÝET

«COVID-19»-a garşy sanjym alan adam 100 rubl utup biler

Russiýada «COVID-19»-a garşy sanjym alan raýatlar güýzde 100 müň rubl pul utuşlaryny alyp bilerler. Şonda jemi 1 000 ýeňiji saýlanylyp alnar, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Lotereýa 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 1-nji dekabryna çenli oýnalar. Utuş «бонусзаздоровье.рф» saýtynda iki tapgyrda geçiriler. Bu maksatnama utuşyň geçirilýän wagtyna çenli «COVID-19»-a garşy sanjym alan 18 ýaşdan uly russiiýalylar, Russiýada wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary (şonuň ýaly-da raýatlygy bolmadyk adamlar) gatnaşyp bilerler. Jemi hersi 100 müň rubla barabar bolan 1 000 baýrak oýnalar. Ýeňijiler kompýuter algoritminiň kömegi bilen unikal (seýrek) belgini tötänleýin saýlamak bilen anyklanylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: