SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde «Zehin ýoly» okuw merkezine gatnaýan oglanlar we gyzlar bilen duşuşyk geçirildi. Adybir hojalyk jemgyýetine degişli bu okuw merkezinde şu günler mekdep okuwçylary türkmen, rus, iňlis, hytaý, nemes, fransuz dilleri, biologiýa, himiýa, matematika boýunça goşmaça bilimleri özleşdirmegi dowam etdirýärler. Ýygnananlaryň öňünde sport mekdebiniň usulyýetçisi Adylbek Ýakubow çykyş edip, olary sport mekdebinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň 642-si uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, badminton, göreş, sambo, gylyçlaşma, kikboksing we sportuň beýleki görnüşleri bilen türgenleşýärler. Olara 17 türgen tälim berýär. Türgenleriň arasynda welaýat, döwlet, halkara derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýänleri bar. Mysal üçin, häzir şu mekdepde tälim alan Alybek Jumanow «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşýar. Bu ýerde onuň ýeňiş bilen dolanyp gelmegine garaşýarlar.

Soňra Serdar Kerimowyň ýolbaşçylygynda kikboksingden türgenleşýän oglanlar görkezme çykyşlary guradylar. Tälimçiniň özi bolsa myhmanlar üçin başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça ýörite görkezme sapagyny geçdi we olara birnäçe tilsimleri görkezdi. «Zehin ýoly» okuw merkezine gatnaýan oglanlar we gyzlar bu tilsimleri tälimçiniň ýolbaşçylygynda gaýtalap görmäge mümkinçilik aldylar. Adylbek Jumanowyň ýolbaşçylygynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça tälim alýan türgenler hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Myhmanlar üçin uly tennis we sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem görkezme çykyşlary guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: