BILIM

Orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «El görki — hünär» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti şeýle ýazýar:

Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda has tapawutlanyp, üstünlikli çykyş eden zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda okuwçylaryň bäsleşige hödürlän işleri sergilendi. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, üç ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi we olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: