Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary hünär tejribeligini geçýärler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyplary Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde hünär tejribeligini geçýärler.

Tejribelik döwründe talyplar orta mekdepleriň halypa mugallymlarynyň sapaklaryna gatnaşyp, olaryň iş tejribelerini we taýýarlan usuly gollanmalaryny öwrenýärler. Hünär tejribeligi döwründe olar nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde ulanyp, özbaşdak sapaklary geçirlerler, mekdep okuwçylary bilen dürli terbiýeçilik çärelerini gurarlar. Olara institutyň mugallymlary hem usuly kömek berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector