BIZE YAZYARLAR

Ýol hereketini düzgünleşdirmegiň taryhyndan

Häzir çagalar bagyna gatnaýan körpeler hem ýollarda hereketiň ýörite kadalar bilen düzgünleşdirilýändigini bilýärler. Ýöne bu kadalar häzirki zaman görnüşine getirilýänçä, köp asyrlar geçipdir. Biziň döwrümize çenli ýetip gelen çeşmelerde bu meseläni çözmäge Gaý Ýuliý Sezar synanyşandygy barada maglumatlar bar. Öl özüniň höküm süren soňky ýyllarynyň birinde ýörite perman bilen Rim şäheriniň köçelerinde bir taraplaýyn hereketi girizipdir. Özem, gün dogandan, tä batýança, şähere hususy arabaly girmek gadagan edilipdir. Şonuň üçin hem, gelýän myhmanlar ulaglaryny Rimiň daşynda goýmaga hem-de şähere pyýada girmäge mejbur bolupdyrlar. Ýörite gulluk permanda ýazylanlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi alyp barypdyr. Olar arabaçylaryň aralarynda ýüze çykýan düşünişmezlikleri çözmäge hem gatnaşypdyrlar.

Görşümiz ýaly, ýol hereketini kadalaşdyrmagyň meseleleri gadym döwürlerde ýüze çykypdyr. Düzgünler patyşalaryň permany bilen tassyklanylypdyr. Olar pyýadalara we arabaçylara degişli bolupdyr. Her döwrüň talaplaryna laýyk kadalar girizilipdir. Orta asyrlarda şäherlerde hereket has ýygjamlaşypdyr. Şäherleriň dar köçelerinden barýan at arabalary biri-biri bilen çaknyşypdyrlar, pyýadalary kakdyrypdyrlar. Onuň öňüni almak üçin arabaçylar we pyýadalar üçin ýörite kadalar işlenilip taýýarlanylypdyr we patyşanyň permany bilen güýje girizilipdir. Onda hereketiň tizligine çäklendirmeler girizilipdir, belli bir ýagdaýlarda geçmegiň tertibi görkezilipdir. Düzgünleri bozanlary jezalandyrmagyň kadalary hem bolupdyr. Ýöne ol wagtlar ýol hereketiniň kadalary ýurduň ähli ýerleri üçin umumy bolmandyr we olar diňe belli bir şäherlerde hereket edipdirler.

Biziň häzirki öwrenişen ýol ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji görnüşi XIX asyryň ahyrlarynda Angliýada peýda bolupdyr. 1868-nji ýylda Londonyň meýdanlarynyň birinde mehaniki semafor goýlupdyr. Ol elde dolandyrylypdyr. Onuň görkeziji taýagy gorizontal (ýere parallel) ýagdaýa getirilende, hereket gadagan edilipdir, aşak düşürilende bolsa ägälik bilen hereket etmäge rugsat berlipdir. Ol 6 metr beýiklikde bolup, ýörite goýlan adam ony galdyrypdyr we aşak goýberipdir. Soňra görkeziji taýagy gazda işleýän çyra bilen çalşypdyrlar. Onuň ýaşyl we gyzyl aýnalary bolupdyr. Şol wagtlar sary reňkden peýdalanmandyrlar.

Elektrik togunda işleýän ilkinji swetofor 1914-nji ýylda Amerikanyň birleşen Ştatlarynyň Kliwlend şäherinde peýda bolupdyr. Onuň hem iki ― ýaşyl hem-de gyzyl reňkleri bolupdyr we ol hem elde dolandyrylypdyr. Sary duýduryşa derek polisiýa işgäriniň jürlewüginiň sesi hyzmat edipdir. Ýöne şondan dört ýyl geçeninden soň Nýu-Ýork şäherinde awtomatiki usulda işleýän üç reňkli swetoforlar peýda bolupdyr.

Ýene bir zady bellemeli. Ilkinji swetoforlarda ýaşyl reňk depesinde ýerleşdirilipdir. Birnäçe wagt geçeninden soň gyzyl reňk ýokarsynda bolsa gowy boljak diýlen karara gelnipdir. Häzir dünýäniň ähli ýurtlarynda swetoforyň duýduryjy reňkleri bir meňzeş tertipde: ýokarsynda gyzyl, ortasynda sary we aşagynda ýaşyl reňk ýerleşdirilýär.

Wagtyň geçmegi bilen ýol belgileri goýlup başlanypdyr. Hereketiň ugruny we belli bir ilatly ýere barýança aralygy görkezýän tablisalary ilkinji ýol belgileri diýip atlandyrsa bolar. Ýöne awtomobiliň oýlanylyp tapylmagy we giňden ýaýramagy, hereketiň tizliginiň we ýygylygynyň artmagy ähli ýurtlar üçin bir meňzeş belgileri kabul etmegiň zerurlygyny ýüze çykarypdyr. Şonuň üçin hem, bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin 1909-njy ýylda Ýewropa ýurtlarynyň wekilleri Parižde geçirilen konferensiýada duşuşypdyrlar. Bu halkara forumynda awtomobil hereketi boýunça Konwensiýa kabul edilipdir we ondan birnäçe ýol belgilerini tassyklanylypdyr.

Birinji belgiler diňe dört ýagdaýy duýdurypdyrlar. Birinjisi sürüjiniň ünsüni ýoluň tekiz däldigine, ikinjisi aýlawly ýoluň ýakynlaşýandygyna, üçünjisi demir ýol geçelgesiniň, dördünjisi pyýada geçelgesiniň bardygyna çekipdir.

Bu ýol hereketiniň kadalaşdyrmakda ädilen uly ädim bolupdyr. Ondan soňky ýyllar düzgünler we ýol belgileri has kämilleşdirilipdir. Ähli ýurtlar üçin bir meňzeş we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen kadalar we ýol belgileri kabul edilipdir. Şeýlelikde, her bir sowatly sürüjiniň hem-de pyýadanyň bilýän häzirki düzgünleri we ýol belgileri işlenilip taýýarlanylypdyr. Bu bolsa, haýsy ýurda barsaň hem, ýalňyşman hereket etmek üçin amatlyklary döredýär.

Metbugat materiallarynyň esasynda taýýarlan: Çärjew etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň himiya mugallymy Zöhre Abdullaewa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: