TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat häkimliginde daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanyň raýatynyň pasporty gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyna dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň pasporty we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama gowşuryldy. Resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň wekilleri gowşurdylar.

Mundan birnäçe gün ozal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilipdi. Şeýle hem, döwlet Baştutanynyň Karary bilen daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berilipdi.

Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň pasportyny we ýurtda ýaşamak üçin degişli resminamalaryň ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda gowşurylmagynyň özleri üçin ýatdan  waka bolandygyny bellediler we Türkmenistanyň Prezidentine özleriniň hoşallygyny bildirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: