Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynda ekologiýany goramaga bagyşlanan çäreler geçirildi

May 15, 2021

Lebap welaýatynda ekologiýany goramaga bagyşlanan çäreleriň toplumy geçirildi. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitiniň ýaşaýjylary Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, paýtagtda guralan çärelere goşuldylar.
Welaýatyň ähli künjeklerinde welosipedli we pyýada ýörişler, köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary geçirildi. Olara dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar gatnaşdylar. Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähi bolsa ekologik maksatly dürli çäreleriň geçirilen esasy merkezine öwüldi. Welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda bu ýerde guralan arassaçylyk işlerine, sport çärelerine edara-guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Olar seýilgähde guralan sport çärelerinde-de uly ruhubelentlik we işjeňlik görkezdiler.
Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary konsert bilen çykyş etdiler.

Leave a Reply