SYÝASAT

Türkmenistan bilim meseleleri boýunça Nýu-Ýorkda geçiriljek sammite gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň howandarlygynda 16-19-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek dünýä bilim ulgamyny özgertmek meselelerine bagyşlanan Ählumymy sammite gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Sammit pandemiýadan soň bilime köpçülikleýin ygrarlylygy gaýtadan dikeltmäge, ykdysadyýeti we jemgyýeti özgertmäge hem-de durnukly ösüş ulgamynda ösüşi çaltlandyrmaga gönükdirilen dikeldiş boýunça has giňişleýin tagallalar arkaly bilime esasy orun bermäge niýetlenendir.

Bu barada geçen anna güni geçirilen hökümet maslahatynda habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: