Pagtany ýangyndan goramaga bagyşlanan maslahat geçirildi
Pagta ýygymyna köpçülikleýin girişmegiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 521-nji bölümçesiniň işgärleriniň gatnaşmaklarynda etrapdaky pagta arassalaýjy kärhanasynda «Milli baýlygymyzy ýangyn howpundan goralyň!» ady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Oňa kärhananyň işgärleri, hünärmenleri, şeýle-de etrabyň edara-guramalaryndan, daýhan birleşiklerinden, awtoulag kärhanasyndan wekiller gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda çykyş eden hünärmenler gymmatly baýlygymyzy ýangyn howpundan goramak, ýangynyň döräp biläýjek sebäplerini aradan aýyrmak barada ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplaryň üsti bilen giňden durup geçdiler. Tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylýan ýangyn howply çäklerde hyzmat edýän awtoulaglar uçgun söndürijiler we ýörite serişdeler bilen üpjün edilmelidir.
Şeýle okuw maslahatlaryny, wagyz-nesihat işlerini pagta ýygymy döwründe-de ýygy-ýygydan geçirmeklik meýilleşdirildi.