Sürüjilik şahadatnamasyny almagyň tertibine üýtgeşmeler girizildi
Şu günler sürüjilik şahadatnamasyny edinmek isleýän we munuň üçin ýörite okuwlara ýazylyp, ýol hereketiniň kadalaryny içgin öwrenýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» girizilen goşmaçalar boýunça düşündiriş işleri geçirilýär.
Şu ýylyň mart aýynda bu Tertibe käbir goşmaçalar girizildi. Olaryň ilkinjisi çagyryş boýunça harby gullukçylara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň diňe 18 ýaşdan soň berilýänligidir. Bu barada Tertibiň 13-nji böleginde görkezilýär.
Şeýle hem Tertibiň 16-njy bölegine laýyklykda mundan beýläk sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglardan üstünlikli geçen raýatlarymyz şahadatnamany edinmek üçin gerekli bolan resminamalaryň hataryna ynanylan wekil tarapyndan berlen ynanç hatyny hem goşmaly bolarlar. Şunda ynanç haty Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolmadyk ýurtlarda resmileşdirilen bolsa, ol degişli tertipde resmileşdirilen bolmalydyr.
Tertibiň 20-nji bölegine goşulan tesimde bolsa polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri tarapyndan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlaýan mekdeplerdäki toparlaryň islendik birindäki gatnaşyga, geljekki sürüjileriň okadylyşyna gözegçilik ediljekdigi nygtalýar.
Bu işler Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny bermek boýunça işleri has kämilleşdirmek, dünýä derejesine laýyk getirmek bilen bagly alnyp barylýar. Şu günler Tertibe girizilen goşmaçalar Lebap welaýatynyň ähli etrap-şäherlerindäki awtomobil mekdeplerinde düşündirilýär.