SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Lýuksemburga bardy

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) uçdy. Türkmen hokkeýçileri bu ýerden awtobusly ýaryşyň geçiriljek ýerine — Lýuksemburga bardylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda hokkeýi ösdürmäge uly üns berilýändigini nygtamak gerek. Şol ünsüň netijesinde ýurduň milli ýygyndysy baş tälimçi Baýram Allaýarowyň ýolbaşçylygynda halkara üstünlikleriň ençemesini gazandy. Ildeşlerimiz 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII Aziýa oýunlarynyň çägindäki hokkeý ýaryşlarynyň ikinji diwizionynda altyn medala mynasyp boldular. Şondan bir ýyl soňra olar Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň hem ýeňijisi boldular. Bu üstünlik türkmen hokkeýçilerine 2019-njy ýyldan başlap, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny berdi.

Şeýlelikde, milli ýygyndymyz dünýä çempionatyna ikinji gezek gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: