LUKMANÇYLYK

Türkmenabatly lukman daşary döwletlerde öwrenenlerini işinde peýdalanýar

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň trawmatologiýa-ortopediýa bölüminiň müdiri Ahmet Döwletow 2023-nji ýylyň özi üçin hünärini kämilleşdirmekde iň netijeli ýyllaryň biri bolandygyny aýdýar. Welaýat neşiriniň ýazmagyna görä, lukman tamamlanyp barýan ýylda  kärdeşleriniň birnäçesi bilen bilelikde daşary döwletlerde geçirilen tejribelik okuwlaryna hem gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl welaýatyň saglygy goraýyş işgärleri Gruziýada we Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda, Germaniýanyň Meppen şäheriniň Ludmilştift, Mýunhen şäheriniň Augenklinik Herzog Carl Teodor klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.

Lukman bu saparyň çäklerinde tejribeli lukmanlaryň geçiren çylşyrymly operasiýalaryna gatnaşdy. Şol günler olar daşary ýurtly hünärmenler bilen ikitaraplaýyn söhbetdeşlikleriň dowamynda özara pikir alyşmaga hem mümkinçilik tapdylar. Häzirki wagtda bolsa ol daşary ýurtly kärdeşlerinden we halypalaryndan öwrenenlerini iş ýüzünde berkidýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: