JEMGYÝET

Hojambazly daýhanyň bir özi ýüzlerçe tonna hasyl aldy

Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hatam Babanyýazow 2023-nji ýyly zähmet üstünliklerine beslän oba hojalykçylaryň biri.

Welaýat neşiriniň ýazmagyna görä, ol ata kesbini ýöredip, üstümizdäki ýylda 30 gektar bugdaý ýerinden 140 tonna galla, 15 gektar gowaça meýdanyndan 60 tonna «ak altyn», 6 gektar şaly meýdanyndan hem 40 tonna hasyl ýygnamagy başardy. Mundan başga-da bugdaýdan boşan meýdanlara künji, dary, mäş, mekgejöwen ýaly aralyk ekinleri ekýär.

Ýaňy-ýakynda bolsa başarjaň oba hojalykça tutuş daýhan birleşigine ýolbaşçylyk etmek hem ynanyldy.