Lebapdan soň ýene iki welaýatda hassahanalaryň durky täzelendi
Balkanabat şäheriniň we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň hassahanalaryny täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, düýpli durky täzelenip ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Balkanabat şäherindäki köpugurly hasshana 290 hassanyň bir wagtda bejergi almagyna niýetlenip, ony döwerebaplaşdyrmak işi «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jmegyýeti tarapynda ýerine ýetirildi.
Baýramaly etrap hassahanasy bir wagtda 301 hassa seretmäge mümkinçilik berýär. Açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony dünýäniň iň öňdebaryjy ülňülerine laýyk getirmek ugrunda berýän ünsüni nygtadylar. Şeýle hem, açylyş dabaralary sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna beslendi.
Nygtalyşy ýaly, lukmanlaryň täze lukmançylyk enjamlaryny netijeli ulanmaklary üçin ýörite taýýarlyk okuwlary geçirildi. Geçen aýda Lebap welaýatynda Dänew we Saýat etrap hassahanalarynyň hem durky täzelenip, ulanylmaga tabşyrylypdy.