DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkmenabatly kosmonawt 1 ýyllyk uçuşa barýar

Türkmenabatly kosmonawt Oleg Kononenko karýerasyndaky iň uzak wagtlyk uçuşyny amala aşyrar. Kononenko we ýoldaşlary şu gün — 15-nji sentýabrda Gazagystandaky Baýkonur merkezinden «Soýuz-2.1a» raketa göterijisi arkaly älem giňişligine göteriler.

Arş gämisi 4 ekipaž agzasyny uzak möhletleýin Halkara kosmos stansiýasyna elter. Ekipaž düzümine asly türkmenabatlu Oleg Kononenko serkerdelik edýär. Ekipažyň düzüminde «Roskosmosyň» kosmonawty Nikola Çub, NASA-nyň kosmonawty Larel O’Hara hem bar.

Oleg Kononenko we Nikolaý Çub Halkara kosmos stansiýasynda 1 ýyl bolup, Ýere geljek ýylyň sentýabrynda dolanyp gelerler. Ildeşimiz Oleg Kononenko üçin bu 5-nji, Nikolaý Çuba üçin 1-nji Arş syýahatydyr. Lorel O’Hara Halkara kosmos stansiýasynda ýarym ýyl bolup, geljek ýylyň martynda Ýere dolanyp geler.

Şu gezekki syýahat üstünlikli tamamlansa, ildeşimiz Oleg Kononenko rus kosmonawtlarynyň içinde kosmosda iň uzak wagtlap bolan adam hökmünde taryha girer. Onuň bu syýahaty 375 gün dowam edip, ähli syýahatlaryny hasaba alsaň, onuň Arşda bolan günleri 1 müň günden hem geçer.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doguldy. Soňlugy bilen şol şäheriň aeoroportynyň awiatehniki bazasynda işledi. Türkmenistanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin oňa «Türkmenistanyň Gahrymany» ady berlip, «Altyn Aý» medaly, «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: