DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Koronawirusy iki minutda ýok edip bolýar. Özem, bu toslama däl

Düzüminde sink we galaýy bolan diş pastasy iki minudyň dowamynda koronawirusy 99,9% neýtralizleýär. Amerikan alymlary geçiren barlamhana barlaglardan soň şeýle netijä geldir. Bu barada Russiýanyň «Новости» habarlar agentligine salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar. Barlagyň netijeleri «British Dental Journal» žurnalynda çap edildi.
Programmanyň maksady agyz boşlugyna garaşyk etmek üçin ulanylýan serişdeleriniň SARS-CoV-2-niň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ulanyp boljakdygyny ýa-ýa bolmajakdygyny anyklamakdan ybaratdy.
Diş pastasynyň netijeliligini ýüze çykarmakdan başga-da, barlaglaryň dowamynda düzüminde setilpiridininiň hloridi bolan agyz çaýkalýan serişdäniň SARS-CoV-2-ni ýarym minutda ýok edýändigi subut edildi.
Çap edilen habarda: «Netijede käbir diş pastalary we agyz çaýkalýan suwuklyklar agyz boşlugyndaky wiruslaryň mukdaryny wagtlaýynça azaltmak bilen, SARS-CoV-2-niň ýaýramagyny azaldyp bilerler» diýlip ýazylan.
Netijeler diş pastasyndan we agyz çaýkaýan serişdelerden peýdalanýan 260 adamyň gatnaşmagynda geçirilen kliniki barlaglarda subut edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply