Türkmenistandan Wengriýanyň ýokary okuw jaýlarynda tölegsiz okuwa girmek üçin synaglaryň nähili geçiriljekdigi mälim boldy. Wengriýanyň ýokary okuw jaýlarynda okajak talyplary saýlamak ýanwaryň 5-inden 7-si aralygynda geçiriler, diýip, resmi türkmen metbugatyna salgylanmak bilen, «orient.tm» ýazýar.
Onuň birinji tapgyrynda ýaşlar saýlap alan ugurlarynyň birine degişli dersler:
— saglygy goraýyş;
— inženerçilik:
— kompýuter bilimleri we habarlar tehnologiýalary;
— ykdysady bilimler;
— tebigy bilimler;
— oba hojalyk bilimleri;
— ynsanperwer bilimleri
boýunça standart synaglary tabşyrarlar.
Saýlap almaklygyň soňky tapgyrynda kabul edýän wenger ýokary okuw jaýynyň onlaýn görnüşinde geçirjek söhbetdeşligine gatnaşmaly bolarlar.
Wengriýana tölegsiz okamak üçin resminamalar 2021-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli kabul edildi.