Şu gün bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde hem döwlet synaglary başlandy.

Ora mekdepleriň uçurymlarynyň ählisi ene dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş we algebra boýunda synaglary tabşyrarlar. Şonuň ýaly-da, öz saýlap alan ugurlary boýunça ýene bir dersden synagdan geçmeli bolarlar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde onunjy synpdan başlap, her okuwçy özüniň çuňňur bilim aljak ugruny saýlap alýar. Şeýlelikde, takyk bilimleri ugruny saýlap alanlar fizikadan, tebigy bilimlerden giňişleýin bilim alanlar biologiýadan, ynsanperwer ugruny saýlap alan okuwçylar bolsa Türkmenistanyň taryhyndan ýene bir synag tabşyrarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: