Alymyzdaky hepdäniň başynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizikadan II açyk halkara olimpiadasy geçiriler. Oňa dürli ýurtlaryň talyplary onlaýn arkaly gatnaşarlar.
5—6-nji dekabrda geçiriljek açyk halkara olimpiadasyna 13 ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Hut şonça ýurduň uniwersitetleriniň we institutlarynyň 57-sinden talyplar gatnaşmaga isleg bildirdiler. Russiýanyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary mekdepleriniň talyplary ýokary baha almak ugrunda çalşarlar.
Açyk halkara olimpiadasyna Russiýadan iň köp arza geldi. Bu ýurduň 20 uniwersitetiniň talyplary öňde duran çärä taýýarlyk görýärler. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň 19-syndan talyplar gatnaşarlar.