BILIMJEMGYÝET

Türkmenabatda ýurduň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň «Açyk gapylar» günleri geçiriler

20-nji martda, 17-nji aprelde we 15-nji maýda Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň «Açyk gapylar» günleri geçiriler. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde habar berildi.
Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrylar, olara ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti barada maglumatlar bilen «www.tohu.edu.tm» web saýtynda hem tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar «www.tohi.edu.tm» elýeterli bolar.
«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgyda sagat 9:00-da başlanýar:
Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy.
Telefon belgileri: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply