MEDENIÝET

Türkmenabatda daşary ýurtly dramaturglaryň eserleriniň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurduň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» diýen at bilen sahna eserleriniň hepdeligi geçirildi. Ildeşlerimizi dünýäniň nusgawy sahna eserleri bilen tanyşdyrmak, milli teatr sungatyny baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen hepdelik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hepdelik rus dramaturgy A.Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk» atly eseri esasynda goýlan sahna oýny bilen başlandy. Hepdeligiň çäginde teatryň döredijilik topary W.Şekspiriň «Romeo we Julýetta», A.Çehowyň «Sözaýdyjy», Ç.Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim», «Ene toprak», Ş.Başbekowyň «Demir aýal», N.Abbashanyň «Täze gelin» ýaly sahna oýunlary bilen teatr muşdaklaryny begendirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: