MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda — Çingiz Aýtmatow

Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» powestiniň esasynda spektakl goýuldy. Artistler onuň görkezilişini 1941—1945-njy ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundaky ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşladylar.

Powesti režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy. Sahnany teatryň nakgaşy Myrat Haýtyýew bezedi. Saz bezegi — Kemal Geldimyradowyňky. Baş gahryman Tolgonaýyň keşbini artistka Bagperi Rowşenowa janlandyrdy. Onuň adamsy Suwankulyň roluny oýnamak üçin režissýor Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepowy saýlap aldy. Halimanyň rolunda — Gülşat Amandurdyýewa.

Spektakl şu gün we ertir görkeziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: