BILIM

Türkmenabatda bir mekdep ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi

Şu ýyl Türkmenistanda orta mekdepleriň altysy ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 30-njy orta mekdep hem bar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu tutum Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy hem-de Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýar.

2023-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedrasynyň hem işläp başlandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: