BILIMJEMGYÝET

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Lebap welaýat çagalar kitaphanasyna birnäçe täze kitaplaryň toplumy gelip gowuşdy.
Olaryň içinde N.Aşyrmämmedowyň «Dag rowaýaty», A.Hojanyýazowyň «Watan hakynda aýdym» atly eserleri bar. «Türkmen halk ertekileriniň» bolsa rus, nemes, iňlis, fransuz, hytaý, ýapon, koreý dillerine terjimede edilen neşirleri indi ýaşajyk okyjylara elýeter boldy. Şonuň ýaly-da, gelen kitaplaryň arasynda daşary ýurt ýazyjylarynyň eserleri hem bar.
Kitaphana öňümizdäki alty aýyň dowamynda hem täze eserleriň gelmegine garaşylýar.
Welaýat çagalar kitaphanasynyň kitap gaznasynda häzir 117 510 kitap bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply