Dänewdäki pagta arassalaýjy kärhanada ýyllyk meýilnama 105 göterim berjaý edildi
Dänew etrap pagta arassalaýjy kärhanasynda şu ýyl 10 million manatlygyň ýerine 10 million 217 müň manatlyk iş edildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Şeýlelikde, bu kuwwatly kärhanada ýyllyk meýilnama 105 göterim berjaý edildi.
Şu günlerde senagat üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasyly daýhan birleşiklerinde ýerleşýän bölümlerden kärhana gaýtadan işlemek üçin daşalýar. Bu işde pagta arassalaýjy zawodyň tehnikalarynyň 20-ä golaýy ulanylýar.
Enjamlaryň abat işlemegi netijesinde gaýtadan işlenilýän çig maldan ýokary hilli önümler alynýar. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 1797 tonna süýüm, 2838 tonna çigit we beýleki önümler öndürildi. Her günde öndürilýän çigit bolsa 130 tonna çenli ýetýär.