YKDYSADYÝET

Türkmenabat şäherinde kottejler toplumyny ulanylmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär

 Ýakyn günlerde Türkmenabat şäherinde 100 kottejden durýan ýaşaýyş jaý toplumynyň açylmagyna garaşylýar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barmak sebitiň durmuş-ykdysady ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hasap edilýär. Şu ýyl dürli maksatly gurluşyklar üçin 182,28 million manatlyk düýpli maýa goýumlary goýberildi. Onuň ýarymyndan gowragy, has takygy, 94,83 million manatlygy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçindir. Häzirki wagtda bu serişdeleriň ählisi diýen ýaly özleşdirildi.

Türkmenabat şäherinde ýene-de içinde ähli amatlyklary bolan 40 sany dört gatly jaýlaryň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: