YKDYSADYÝET

Farapda afrikanyň mermer lakgasy ösdürilýär

Farap etrabynyň ýaşaýjysy Bahramjan Reýimow 1 gektara golaý meýdanda afrikanyň mermer lakgasyny köpeltmek bilen meşgullanýar. Olar 24 sany ýapyk howuzlarda ösdürilýän we olaryň hersinde bir tonna balyk ýetişýär.

Telekeçi bu işe 2020-nji ýyldana bäri alyp barýar. Her möwsümde 2 tonna balyk söwda nokatlaryna ugradylýar.  Balygyň bu görnüşiniň satuw agramyna ýetmegi,  ýagny,  agramynyň 1,5 kilograma ýetmegi üçin 6 aý gerek bolýar. Ol geljekde açyk howuzlary döretmegi we olarda hem balyklary köpeltmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de, ol balyklary daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: