MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenabat şäherinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konsert boldy

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert boldy. Oňa kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän öňde baryjy zenanlar gatnaşdylar.

Meşhur aýdymçylar özleriniň aýal-gyzlaryň owadanlygyny, inçe ynsan duýgularyny wasp edýän liriki aýdymlary joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar ene hakynda aýdylan aýdymlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Tansçylaryň belent sazlara goşup eden sazlaşykly hereketleri bolsa bu ýerde aýratyn baýramçylyk ruhuny döretdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynyň artistleriniň bu gün üçin ýörite taýýarlan edebi-sazly kompozisiýana hem tomaşa etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: