Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady.
Onda Gündogar senenamasyna laýyklykda täze ýylyň başlanmagy bilen baglanyşykly gadymdan döwürlerden bäri bellenilip geçilýän baýram barada gürrüň berýän eksponatlar goýuldy. Muzeýiň arhiwinden alnan suratlar bu baýramçylyk barada hemmetaraplaýyn düşünje berýärler. Nowruz baýramynyň bellenilýän ýurtlary, baýramçylykda bişirilýän tagamlar, baýramçylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlar baradaky maglumatlar sergide aýratyn orun eýeleýär.
Nakgaş Babamyrat Karýagdyýewiň «Çörek» atly suratynyň aşagynda ony bişirmekde ulanylýan zatlar: degirmen, tikeç, repide, okara we beýleki eksponatlar goýlupdyr. Bu ýerde nakgaş Alym Işankulyýewiň «Türkmen gözeli» atly dört suratdan ybarat toplumyndan bahar paslyny şekillendirýän eseri hem bar. Saz gurallary, orak, aňňal we beýleki demirden ýasalan zähmet gurallary, soky, araba we beýleki eksponatlar hem mynasyp orunlaryny tapypdyrlar.