MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

TDMI-niň talyplary iňlis dilinde makala ýazmak bäsleşiginde ýeňiji boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan yglan edilen iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy.

Bäsleşik ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlandy.

Bu bäsleşige Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan 120 töweregi talyp gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplaryndan Dinara Haýydowa ikinji, Gülälek Agajanowa üçünji orna mynasyp boldy.

Ýyldyzhan Rozybaýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen

döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: