• Sun. Sep 27th, 2020

Türkmenistana wirtual syýahat edip bolýar

Aug 9, 2020

Türkmenistana wirtual syýahat etmäge mümkinçilik döredi. Muny «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda döredilen elektron onlaýn sergä girmek bilen amala aşyryp bolýar..
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergide senagat, nebit we gaz,ulag hem-de aragatnaşyk, söwda, bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport, oba hojalygy, medeniýet toplumlaryna bagyşlanan bölümlerden başga-da, ýurduň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň elektron «diwarlyklary» bar.
Onlaýn sergidäki 15 bölümiň biriniň Lebap welaýatyna bagyşlanan. Bölüm ýurdumyzyň Gündogar sebiti barada maglumat berýän gysgaça ýazgy bilen başlanýar. Welaýatyň geografiki, taryhy aýratynlyklary we döwrüň esasy wakalaryndaky orny ýazgynyň mazmunyny öz içine alýar.
Sergide welaýatyň dürli ýerlerinde düşürilen suratlaryň 80-e golaýy bar. Olarda döwrebap binalar, taryhy ýadygärlikler, tebigatyň gözellikleri, ykdysadyýetdäki ösüşler we welaýatyň beýleki aýratynlyklary jemlenipdir.
Welaýatyň çägindäki taryhy ýadygärlikleriň, dürli iri edara-kärhanalaryň suratlary onlaýn serginiň beýleki bölümlerinde hem ýerleşdirilipdir.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: