YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde işler ýokary depginde alnyp barylýar

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýanwar aýynda 2 million 400 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. bu göz öňünde tutulanyndan 300 müň manatlyk kändir.

Kärhanada geçen ýyl 35 million 518 müň manatlykdan gowraga derek 52 million 287 müň  manatlyga ýakyn önüm öndürildi. Bu ýyl bolsa bu görkezijini 41 million 685 müň manatlykdan gowraga ýetirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda fabrikde harbylar, ulular we çagalar üçin egin-eşikler, çagalar baglary üçin ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň daşlyklary öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: