YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde öndürilýän önümiň möçberi artýar

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde on aýlyk meýilnama 102 göterim berjaý edildi. Netijede geçen döwürde 7230 tonna ýakyn nah ýüplük öndürildi.

Bu ýyllyk meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine ýene-de 144 tonna önümiň taýýar edilmelidigini aňladýar. Şonda jemi öndürilen önümiň möçberi  7374 tonna ýakyn bolmaly. Kärhana ýokary nah hilli ýüplükler bilen içerki ulanyjylary üpjün etmek bilen bir hatarda, önümiň bir bölegini daşary ýurtlara hem eksport edýärler. Ony köp ýyllardan bäri Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri satyn alýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: