YKDYSADYÝET

Nebitiň bahasy 1,2 göterim galdy

Ýewropanyň «ICE Futures» biržasyndaky söwdanyň dowamynda «Brent» kysymly nebitiň bahasy ýapylýan wagtyna çenli 1,2 göterim galdy we bir barrel üçin 87,53 amerikan dollaryna barabar boldy. Bu 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň ýokary derejedir. Bu barada «secretmag.ru» ýazýar.

Ýanwaryň dowamynda nebitiň bahasy ösmegini dowam etdirýär. Munuň islegiň ösýändigi we  Liwiýany içine almak bilen ibermekdäki bökdençlikler bilen bagly bolmagy mümkin. «Bank of America» banky entek noýabrda dünýädäki energetiki krizis sebäpli 2022-nji ýylyň tomsuna çenli nebitiň bir barreliniň bahasynyň 120 amerikan dollaryna çenli galmagynyň mümkindigini aýdypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: