DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Italiýa aziýaly syýahatçylara hem garaşýar

Ýewropa Bileleşigine agza we Şengen hukukly döwletleriň, şol sanda Beýik Britaniýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň, Andorranyň, Monakonyň, San-Marinonyň we Watikanyň raýatlary Italiýa syýahatçylyk maksady bilen girip biler diýip, ýurduň milli syýahatçylyk agentligi ýazýar.
Şeýle hem Alžir, Awstraliýa, Kanada, Gruziýa, Ýaponiýa, Çernogoriýa, Marokka, Täze Zelandiýa, Ruanda, Serbiýa, Koreýa Respublikasy, Tailand, Tunis, Urugwaý ýaly döwletleriň raýatlaryna hem Italiýa girmäge rugsat berildi. Ýöne soňky sanawda atlary görkezilen döwletleriň raýatlary ýurda girensoň, 14 günlük karantinde bolmaly bolarlar.
Agentlik her iki hepdeden bir gezek ÝB-e agza bolmadyk we Şengen şertnamasyna gatnaşyjy döwletleriň sanawyna sereder we maglumatlary täzeläp durar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: