YKDYSADYÝET

«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri iň çuň guýyny burawlaýarlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri taslama çuňlugy 7600 metre barabar bolan 15-nji gözleg guýusyny burawlamagy dowam etdirýärler. Olaryň häzirki wagta çenli geçen çuňlugy 7 müň metre golaýlady.

Ondan uzakda bolmadyk ýerde bolsa taslama laýyklykda çuňlugy 6800 metre barabar bolan bu guýyny hem burawlaýarlar. Hünärmenler tarapyndan eýýäm onuň 2 müň metrden gowrak çuňlugyna ýetdiler.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri täze ýataklary agtaryp tapmak we gymmatly çig mallary gazyp almak işini dowam etdirýärler.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.