JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlary onlaýn konsert guradylar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň wekilleri onlaýn usulda konsert guradylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti şeýle habar berýär:

Bu onlaýn konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, Türkmenistanyň halk artisti Gurbanmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky talyplar hor topary hem-de Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory, Ermenistan Respublikasynyň sungatda at gazanan işgäri Sona Oganesýanyň ýolbaşçylygyndaky «Ower» döwlet kamera hor toparynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konsertiň maksatnamasyna türkmen operasynyň nusgawy kompozitory Daňatar Öwezowyň «Dutaryň owazy» hem-de «Leýli we Mejnun» operasyndan «Dileg» sazlary girizildi. Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar hor topary türkmen we ermeni awtorlarynyň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Çäräniň dowamynda onlaýn usulda Ermenistanyň «Ower» döwlet kamera hor toparynyň wekilleriniň ýerine ýetirmeginde Welo Tormisiň «Güýz peýzažy», Gustaw Olstyň «Men öz söýgimi söýýärin» eserleri, Komitasyň sazlarynyň ikisi hem-de Jorj Wuiniň gaýtadan işlenen görnüşdäki roždestwo aýdymy ýaňlandy. Şeýle-de iki ýurduň sazandalary W.A.Mosartyň, P.I.Çaýkowskiniň we beýleki dünýä belli kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: