SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen milli göreşi boýunça Lebabyň iň güýçli pälwanlary kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Saýat, Kerki we Darganata etraplaryndan ussat pälwanlaryň 90-a golaýy gatnaşdy.

Ýaryşda türgenler agram derejeleriniň 10-sy boýunça güýç synanyşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň dowamynda saýatly pälwanlar üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň aglabasyna mynasyp boldular. Olardan Şageldi Çaryýew 74, Sapa Orakow 82, Intizar Şöhradow 90, Daýanç Saparow 100 kilogram, Mekan Hudaýberenow 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde birinjiligi eýelediler. Şeýle-de eminler türkmenabatly türgenleriň ezberligine ýokary baha berdiler. Ýeňijilere welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan degişli diplomlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: