SPORT WE SYÝAHAT

Erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde erkekleriň arasynda erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Saýat, Halaç we Darganata etraplaryndan 76 türgen gatnaşdy.

Olar 48 kilogramdan +100 kilograma çenli 10 agram derejesinde öz aralarynda birinjiligi almak ugrunda tutluşdular. Ýaryşyň jemleri boýunça şahsy hasap boýunça 10 sany birinji, şonça ikinji we 20 sany üçünji orunlar eýelenildi. Türkmenabat şäheriniň birinji toparynyň pälwanlary 5 sany birinji, 3 sany ikinji we 4 sany üçünji orunlary eýelemek bilen, toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. Halajyň topary ikinji orny eýeledi. Onuň pälwanlarynyň hasabynda 2 sany birinji, 1 sany ikinji we 8 sany üçünji orun bar. Ýeňiş münberiniň üçünji basgançagyna bolsa 2 sany birinji, 3 sany ikinji we şonça üçünji orun bilen Saýat etrabynyň birinji topary çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: