BIZE YAZYARLAR

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze sahypasy

Gahryman Arkadagymyzyň geçen hepde-de Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary we şol saparyň çäklerinde «Bir guşak, bir ýo» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy, Hytaýyň ýokary döwlet ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirmegi her birimiziň kalbymyzda çäksiz şatlyk duýgularyny döretdi.

Dünýäde ykrar edilen Lider ― Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleriniň 150-siniň we halkara guramalaryň 40-dan gowragynyň wekillerini özünde jemlän forumda eden çykyşy Beýik Ýüpek ýolunyň gury boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň, onuň netijeliligini artdyrmagyň täzeçe ýollaryny salgy berdi.

Biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem şu günler geçirilýän maslahatlarda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy saparynyň ähmiýeti wagyz edilýär. Olara mekdebimiziň mugallymlaryndan başga-da, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Maslahatlarda nygtalyşy ýaly, taryhy sapar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has täze derejä çykarar.

Daniýar DURDYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: