YKDYSADYÝET

Türkmenabatda süýji-köke önümçiligi artýar

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Nabat», «Şerbet» ýaly dükanlaryň süýji-köke we tort önümlerine ilatyň islegi mydama ýokary. Hususyýetçileriň eýeçiligindäki bu dükanlaryň içinde öz önümçilik sehleriniň bolmagy isleglere laýyklykda işi guramaga şert döredýär.

Telekeçiler Imran Asadullaýew, Bagtu Elnara öz hödürleýän önümleriniň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Olaryň sazlaşykly işleriniň netijesinde şu ýylyň dokuz aýynda 28,6 tonna tort, 22,5 tonna süýji-köke önümleri ilata hödürlenildi. Toýlardyr dürli dabaralarda bu dükanlaryň önümlerine köp isleg bildirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: