BIZE YAZYARLAR

BITARAPLYK BAÝRAMY

 Berkarar Bitarap döwletimiz bar

Ilime mydama gowulyk bolsun ýar

Ýaşaýas erkana, azat, bagtyýar

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym  

 

Seni näçe öwseň bärsinden gaýdýar

Men muny joşgunly ýürekden aýdýan

Juwan ýürek bu watan diýip urýar

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym                                  

 

Medenýeti, hem sungaty ösendir

Ahalteke aty dünýä bellidir

Nepis halylary älem gezendir

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym                                  

 

Halkymyz agzybir hem zähmetsöýer

Elmydam öz halal çöregin iýer

Gahryman Arkadaga sagbolsun diýer

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym                                  

 

Pederleriň pendin alan halkym bar

Milli Lider Gahryman Arkadagym bar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym                                  

 

Beýik Pyragynyň ýörelgeleri

Gahryman Arkadagyň göreldeleri

Halkyň uzan ýerine ýetýär elleri

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym                                  

 

Türkmenistan toý-baýrama baý mekan

Aýdym-saz, şagalaň bizde elmydam

Ýer ýüzünde şeýle ýurt, ýene barmykan?

Hem Garaşsyz hem Bitarap watanym       

  Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň II ýyl talyby

 Selbi Imamowa                                                                                                                      

                          

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: